handporn.net
“Hazar” konsorsiumy suw üpjünçiligi enjamlaryny satyn almak üçin tender yglan edýär | Söwda
16.09.2024
16.10.2024

“Hazar” konsorsiumy suw üpjünçiligi enjamlaryny satyn almak üçin tender yglan edýär

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:

Arza №278 27.06.2024 –– Üznüksiz tehniki we arassa suw üpjünçiligi üçin enjamlar we materiallar (28 pozisiýa)

Tendere gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 222 9-30-47

+993 222 9-30-45

+993 222 2-37-26

(3047; 3045)

Elektron salgylary:

[email protected]

[email protected]

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş
Bulary hem okaň
2022