27-nji awgustda Kazanda Türkmenistan we Tatarstanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň we bilermenleriniň ýygnagy geçirildi, şol ýerde oba hojalygynyň önümlerini gaýtadan işlemek we oba hojalygynda hyzmatdaşlyk etmek üçin bilelikdäki kompaniýalary döretmek mümkinçilikleri göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew geçen ýyl haryt aýlanyşygy 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 13,4 % artyp, 52,3 mln dollara barabar boldy. 2019-2020-nji ýyllarda bolsa bu görkeziji iki esse köpdigini belledi.
“Türkmenistan we Tatarystan energetika, senagat, ulag, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, bilim, saglygy goraýyş ugurlary boýunça anyk özara bähbitli bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdrilen hyzmatdaşlygyň dürli gurallaryny ösdürip bilerler.Maýa goýum pudagynda, şol sanda bilelikdäki kärhanalaryň döredilmeginde we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde biziň ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar” – diýip, Joraýew nygtap geçdi.
Tatarystan Respublikasynyň senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko Türkmenistan bilen Tatarystanyň kärhanalarynyň hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar – maşyn gurluşyk, nebit-gaz pudagy, lukmançylyk we beýlekiler – boýunça alnyp barylýandygyny belledi. “Biziň döwletlerimiziň arasyndaky mümkinçilikler has ulydyr. We biz mundan peýdalanmalydyrys” – diýip, O.Korobçenko belledi.
Çeşme: THP