"Ynamly ojak” hususy kärhanasy ýokary hilli çüýşe gaplary, şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hajatlary üçin lukmançylykda ulanylýan aýna gaplary öndürmekde iş alyp barýar. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän kärhana, çüýşe gaplary ýapmak üçin adaty we towlanýan metal gapaklary hem-de gök önümleri, miweleri we ir-iýmişleri konserwirlemek üçin laklanan metal gapaklary hem öndürýär.
“Ynamly ojak” kärhanasynyň esasy aýratynlyklarynyň biri önümini bir toplumda üpjün etmek mümkinçiliginiň bolmagydyr. Munuň özi müşderileriň satyn alyş işini ýeňilleşdirýär. “Nur” kompaniýasy we “Bakjam” hususy kärhanalary ýaly ýerli önüm öndürijiler amatly çözgüt hökmünde “Ynamly ojak” kärhanasyndan gapaklary we oňa degişli bölekleri yzygiderli satyn alýar.
Önümçilik üçin serişdeleriň aglaba bölegi ýerli çeşmelerden, galan bölegi bolsa daşary ýurtlardan getirilýär. Lukmançylyk çüýşe gaplary zyýansyzlandyrmak, himiki durnuklylyk we degişli kadalara laýyklykda aýratyn ünsi talap edýär. Sebäbi olar dermanlyk serişdelerini we beýleki lukmançylyk maddalaryny saklamak üçin niýetlenendir.
“Ynamly ojak” hususy kärhanasy önümçiligiň ygtybarlylygyny we ýokary ölçeglere laýyk işleýändigini tassyklaýan ähli zerur ygtyýarnamalar hem-de şahadatnamalara eýedir.